Türkmenistandaky Fransuz instituty fransuz dili boýunça ýöriteleşdirilen okuwlara çagyrýar

MilliInfo

25 Ýanwar, 2026

Türkmenistandaky Fransuz instituty fransuz dilini öwrenmek we kämilleşdirmek isleýänleriň ählisini 4-nji fewraldan 8-nji marta çenli geçiriljek ýöriteleşdirilen okuw kurslaryna çagyrýar. Bu okuwlar dürli taýýarlyk derejeleri üçin niýetlenip, fransuz dilinde ynamly gürlemäge we ýazmaga ýardam berer.

Okuw maksatnamalary çuňlaşdyrylan grammatikany, aragatnaşyk ukyplaryny ösdürmegi we fonetikany kämilleşdirmegi öz içine alýar. Amaly çemeleşme we ýumuşlar okuw materiallaryny tapgyrlaýyn özleşdirmäge we gysga wagtyň içinde ep-esli ösüş gazanmaga mümkinçilik berer.

Hödürlenýän okuw kurslary:

  • Çuňlaşdyrylan grammatika (B1–B2 derejeleri üçin)

    • Şenbe: 16:00 – 18:00

    • Ýekşenbe: 11:00 – 13:00

  • Gepleşik (aragatnaşyk) kursy (A2–B1 derejeleri üçin)

    • Şenbe: 14:00 – 16:00

    • Ýekşenbe: 11:00 – 13:00

  • Fonetika kursy (A1–B1 derejeleri üçin)

    • Çarşenbe: 18:30 – 20:30

    • Ýekşenbe: 14:00 – 16:00

Her okuw kursy 20 sagatlyk meýilnamadan ybarat bolup, gatnaşyjylara degişli ugurlary düýpli özleşdirmäge şert döredýär.

Kursuň bahasy: 600 manat

Hasaba alyş möhleti: 2-nji fewrala çenli

Ýazgy işleri duşenbe we anna günleri aralygynda, sagat 14:00-dan 19:00-a çenli amala aşyrylýar. Orunlaryň sany çäklidir. Şonuň üçin hem, öňünden ýazylmagy maslahat berýäris.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefonlar: 36 83 70 / 36 83 71 / 36 83 72

  • Elektron poçta: ift.secretaire@gmail.com

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Aga Garryýew köçesi, 69-njy jaý.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info