Hususy kärhanalaryň işgärleri üçin iňlis dili boýunça tölegsiz okuwlara kabul edişlik açyldy

MilliInfo

2 sagat öň

ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «ELCD» maksatnamasy 2026-njy ýylyň fewral — noýabr aýlarynda hususy kärhanalaryň işgärlerini Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde geçiriljek tölegsiz iňlis dili okuwlaryna gatnaşmaga çagyrýar.

Bu okuwlar halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan önümleri we hyzmatlary satyn almak hem-de degişli ugurlarda işleýän hünärmenleriň iňlis dili boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge, galyberse-de, işlerinde dil päsgelçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder.

Formaty: oflaýn görnüşinde intensiw okuwlar.

Dowamlylygy: 2026-njy ýylyň fewral — noýabr aýlary aralygynda.

Okuwlar tölegsiz.

Kämilleşmek bilen kompaniýasynyň üstünligine wagtyny sarp etmäge taýýar bolan hünärmenler üçin bellige alşyň eýýäm açylandygyny ýatladýarys. Ýüztutmalaryňyzy 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwaryna çenli şu salgy boýunça tabşyryp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info