«Hrustal kompas» baýragyna dalaşgärleriň ýüztutmalary kabul edilip başlandy

MilliInfo

7 Ýanwar, 2026

«Hrustal kompas» baýragyna dalaşgärleriň ýüztutmalary kabul edilip başlandy

Bu abraýly halkara baýragyň eýeleri bolmak geografiýanyň, ekologiýanyň we garyşyk ylymlaryň çygrynda ajaýyp üstünlikleriň hem ylmy barlaglaryň awtorlaryna, şeýle hem tebigy, taryhy we medeni mirasy gorap saklamaga, şeýle-de jemgyýetiň ösüşine uly goşant goşan toparlara we guramalara miýesser eder.

Şunlukda, 2026-njy ýylda hrustal we kümüş heýkeljikler 14-nji gezek gowşurylar. Soňky 13 ýylyň netijeleri boýunça dünýäniň 51 ýurdundan 5 müňe golaý awtorlar topary bu baýraga dalaşgär görkezildi.

Arzalaryň kabul ediş möwsümine gatnaşmaga ylym we bilim edaralary, döredijilik birleşmeleri, Russiýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň degişli guramalary, dürli ugurlardaky kärhanalar, şeýle-de garaşsyz başlangyçlary hödürleýän toparlary, jemgyýetçilik işgärleri we şahsy taraplar çagyrylýar.

Ýeňijiler görkezilen ugurlarlar boýunça kesgitlener: «Ylmy üstünlikler», «Syýahat we ekspedisiýa», «Aň-bilim», «KHBS-däki iň gowy taslamasy, mediataslamasy», «Fotosurat işi», «Raýatlyk garaýyşlary», «Neşir», «Iň gowy sebit taslamasy», «Tebigy we taryhy-medeni mirasy gorap saklamak boýunça iň gowy durmuş-maglumat taslamasy», «Senagat kärhanalarynyň, biznesiň iň gowy ekologiýa taslamasy».

Arzalary milli baýragyň resmi saýty boýunça tabşyryp bilersiňiz. Arzalar 2026-njy ýylyň 10-njy fewralyna çenli kabul edilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info