Türkmenistanyň raýatlary üçin «InteRussia IT – 2026» tejribelik maksatnamasyna resminamalar kabul edilip başlandy

MilliInfo

«Новое поколение — 2026» («Täze nesil — 2026») taslamasynyň çäklerinde «InteRussia» halkara tejribe maksatnamasyna gatnaşmak üçin bäsleşikli saýlaw yglan edildi. Maksatnama A.M.Gorçakow adyndaky Köpçülikleýin diplomatiýany goldamak gaznasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu barada Aşgabatdaky Rus öýüniň resmi Instagram sahypasynda habar berilýär.

Tejribe maksatnamasy 2026-njy ýylyň 1 — 27-nji iýuny aralygynda Nowosibirsk şäherinde geçiriler. Gatnaşyjylara Russiýanyň öňdebaryjy ýöriteleşdirilen guramalarynyň binýadynda ylmy-barlag işleri garaşýar. Maksatnama ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bilermenleriň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge we sanly tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Saýlaw diňe bäsleşik esasynda geçirilýär. Maksatnama gatnaşmaga 25—35 ýaş aralygyndaky iki raýatlygy bolmadyk Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar. Tejribelik geçilýän döwürde dalaşgäriň daşary ýurt pasportynyň möhleti azyndan alty aý bolmalydyr.

2026-njy ýylda maksatnama iki ugry öz içine alýar: «Lukmançylykda emeli aň» we «Şäher gurşawynda emeli aň».

Rus tarapy iki ugra uçar peteklerini, transfer, ýaşlaryň ýaşajak ýeri, iýmiti, şeýle hem işewürlik we medeni maksatnamanyň çykdajylaryny dolulygyna öz üstüne alýar.

Gatnaşmak üçin 2026-njy ýylyň 6-njy apreline çenli maksatnamanyň resmi iňlis dilli platformasynda hasaba durmaly we «My projects» bölüminden «InteRussia AI 2026» bendini hem-de degişli ugry saýlamaly. Şondan soňra gatnaşyjylar tkm2026@mail.ru elektron poçtasyna öz familiýasyny, adyny, saýlan ugruny we gatnaşjak anyk trikini görkezip hat ugratmalydyrlar. Jogap hökmünde dalaşgärlere mundan beýläkki görkezmeler we zerur bolan ýagdaýynda goşmaça bäsleşik tabşyrygy iberiler.

Guramaçylar ýaş hünärmenleri hünär taýdan ösmek we halkara bilermenler hyzmatdaşlygyna gatnaşmak üçin döredilen bu mümkinçilikden peýdalanmaga çagyrýarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info