Puşkin instituty daşary ýurtly mekdep okuwçylaryny W.G.Kostomarow adyndaky XXII Halkara rus dili olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada — bu dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan ýokary synp okuwçylary üçin öz rus dili bilimlerini barlamaga, Russiýada bolmaga we onuň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen täsin mümkinçilikdir.
Olimpiada 14-18 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary, şol sanda rus dilinde okadylýan daşary ýurt mekdepleriniň okuwçylary gatnaşyp bilerler.
Olimpiada iki ugur boýunça geçirilýär:
Rus dilini daşary ýurt dili hökmünde öwrenýänler üçin;
Rus dilinde okadylýan daşary ýurt mekdeplerinde okaýanlar üçin.
Olimpiadanyň geçirilýän tapgyrlary:
Hasaba alyş — 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli «Образование на русском» (https://pushkininstitute.ru) portalynda alnyp barylýar. Sowalnamany dolduranyňyzdan soň, gatnaşyjy şahsy otagyna girmäge hukuk alýarsyňyz.
Saýlama tapgyry (onlaýn görnüşde) — 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli.
Ýarym final (onlaýn görnüşde) — 2026-njy ýylyň 10-njy oktýabryndan 25-nji oktýabryna çenli.
Final (ýüzbe-ýüz görnüşde) — 2026-njy ýylyň 13–19-njy noýabry aralygynda Moskwada — Puşkin institutynyň binasynda geçiriler.
Her ugur boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän ýeňijiler Puşkin institutynda onlaýn görnüşde mugt okamak hukugyna eýe bolarlar. Bu üç hepdelik goşmaça bilim maksatnamasydyr (diplom alnan günüňden başlap bir ýylyň dowamynda bu hukukdan peýdalanyp bolýar).
Gatnaşmak baradaky giňişleýin maglumatlar Olimpiadanyň resmi sahypasynda ýerleşdirilendir.
