GDA ýurtlarynyň mekdep okuwçylary üçin Rus dili boýunça halkara olimpiada bellige alyş başlandy

MilliInfo

1 sagat öň

GDA ýurtlarynyň mekdep okuwçylary üçin Rus dili boýunça halkara olimpiada bellige alyş başlandy

Russiýanyň Magaryf ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk merkezi W.I.Dal adyndaky Rus dili boýunça halkara olimpiada gatnaşyjylary bellige almagyň başlanandygyny yglan etdi. Bu zehin bäsleşigi görnükli ýazyjy we leksikografyň doglan gününiň 225 ýyllygyna bagyşlanýar.

Esasy şertler we geçiriliş tertibi:

  • Gatnaşyjylar: GDA ýurtlaryndan 12—16 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary (7–9-njy synp okuwçylary).

  • Ugurlar:

    • «Rus dili — okadyş dili»;

    • «Rus dili daşary ýurt dili hökmünde».

  • Saýlama tapgyry: 2026-njy ýylyň 18-nji oktýabryna çenli (şol gün hem hasaba alynýar) onlaýn tertipde geçiriler.

  • Jemleýji tapgyr: 2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabry aralygynda uzak aralykdan (distansion) geçiriler.

Olimpiadanyň ýeňijileri dabaraly sylag gowşurylyş dabarasyna, şeýle hem taryhy-medeni we bilim maksatnamalaryna gatnaşmak üçin Moskwa şäherine çagyrylar.

Guramaçylar finalçylaryň hem-de olary alyp gidýän adamlaryň ýol, ýaşamak we iýmitlenmek çykdajylaryny dolulygyna öz üstlerine alýarlar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutmany (arzany) resmi internet sahypasynda tabşyryp bilersiňiz: dal.cic-edu.ru.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info