VI Bütinrussiýa terapiýa olimpiadasyna bellige alyş açyldy

MilliInfo

31 Mart, 2026

28–30-njy aprel aralygynda I.I.Meçnikow adyndaky Demirgazyk-Günbatar döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binasynda (Sankt-Peterburg ş.) onlaýn tertibinäki halkara derejesindäki VI Bütinrussiýa terapiýa olimpiadasy geçiriler.

Gatnaşmaga çagyrylýar:

  • Bejeriş işi we pediatriýa ugurlary boýunça 4–6-njy ýyl talyplar;

  • 1-nji we 2-nji ýyl ordinatorlar (terapiýa, kardiologiýa, newrologiýa, hirurgiýa we beýleki köp sanly ugurlar boýunça);

  • Orta hünär okuw mekdepleriniň bejeriş işi ugry boýunça bilim alýan 2–4-nji ýyl talyplar.

Gatnaşmak tölegsizdir. Olimpiadanyň iş dilleri — rus we iňlis dilleri. Şol bir okuw mekdebinden şahsy birinjilik boýunça gatnaşjak talyplaryň sanyna çäklendirme goýulmaýar.

Bäsleşik iki tapgyrda geçiriler:

1.     Kliniki pikirlenişe baha bermek (ýagdaýly meseleleri çözmek).

2.     Amaly endikleri ýerine ýetirmek: «RUMEDIUS» platformasynda wirtual ekran simulýatoryny ulanmak arkaly simulirlenen şertlerde amaly başarnyklary görkezmek.

Bellige aldyrmak üçin 10-njy aprelde sagat 17:00-a çenli (Moskwa wagty bilen) aşakdaky görnüşlerdäki nusgalary doldurmaly:

Has giňişleýin maglumatlary saýtyň «Olimpiadalar» (Олимпиады) bölüminden tapyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info