Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

MilliInfo

2 Sentýabr, 2025

1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Irden Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň öňündäki meýdançada guralan dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bellenilşi ýaly, täze bilim ojagy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar iki derejeli ulgam, ýagny bakalawr hem-de magistr taýýarlygynyň ugurlary boýunça guralar. Bu ýerde okuwlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler. Şular barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilendigini, ýakyn geljekde bu ýere sapaklary okatmak üçin daşary ýurtlardan mugallymlaryň we hünärmenleriň çagyrylmagynyň bilim bermegiň hilini halkara derejä çykarmaga ýardam etjekdigini belledi.

Dabaranyň tolgundyryjy pursady gelip ýetdi: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi.

Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň baş binasynyň eýwanyndaky diwarlaryň ýüzünde mozaika görnüşinde ýerine ýetirilen, gadymyýetde söwda eden türkmen täjirlerini şekillendirýän, häzirki döwürde telekeçileriň dürli ugurlarda, şol sanda ylymda, bilimde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda ýeten sepgitlerini beýan edýän surat eserini synlady. Uniwersitetiň eýwanynda ýurdumyzyň hususy işewürleriniň üstünlikleriniň subutnamasy bolan diplomlar we güwänamalar ýerleşdirilipdir.

Soňra bu ýerde ýörite gurnalan monitorda uniwersitetiň desgalary, olarda göz öňünde tutulan mümkinçilikler, okuw ugurlary bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda girişildi. Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň desgalarynyň gurluşygy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder. Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw mekdebiniň barlag-tejribehana otaglaryna baryp, olarda döredilen şertler we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň halkara maliýe we birža barlag-tejribehana otagyna bardy. Hormatly Arkadagymyz uniwersitetiň ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy barlag-tejribehana otagyna bardy. Uniwersitetiň mugallymy Milli Liderimizi bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow täze uniwersitetiň gurluşyk materiallary we konstruksiýalary barlag-tejribehana otagynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Gahryman Arkadagymyza talyplaryň özleşdiren bilimlerini tejribede berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Iňlis dili otagynda talyplaryň dil başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döwrebap tehnologiýalar we lingafon enjamlar, kompýuterler ornaşdyrylandyr. Ýokary okuw mekdebiniň serwer barlag-tejribehana otagynda nazary bilimleri iş şertlerinde has-da çuň özleşdirmek üçin innowasion we kuwwatly enjamlar ornaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde serwer enjamlarynyň gurluşy, görnüşleri, işleýiş aýratynlyklary öwredilýär.

Mälim bolşy ýaly, gurluşyk pudagy we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi milli ykdysadyýetiň batly depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara uniwersitetde bu babatda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýörite fakultet döredildi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň howlusynda ýaýbaňlandyrylan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öndürýän önümleriniň sergisi bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektoryna şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Gahryman Arkadagymyz uniwersitetiň sport toplumynyň binasyna bardy. Uniwersitetiň sport toplumynda dürli sport çärelerini geçirmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň mejlisler jaýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyplaryň, professor-mugallymlaryň öňünde beýanat bilen çykyş etmegi dabaranyň has-da täsirli bölegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň beýanaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljegi nazarlaýan, öňdengörüjilikli daşary hem-de içeri syýasatyna bagyşlandy.

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalarynyň hil babatda ýokary görkezijilere eýedigini tassyklaýan halkara derejeli güwänamalaryň we baýraklaryň gowşurylýan pursatlary has-da ýatda galyjy boldy. Ilki bilen, Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň ýolbaşçysy Ilýas Demirji türki döwletlerde özboluşly binagärlik bilim edarasy hökmünde we uniwersitet-senagat hyzmatdaşlygyny ösdürýän hem-de telekeçilik we innowasiýalar ulgamyna mynasyp goşant goşýan görnükli, nusgalyk ýokary okuw mekdebi hökmünde uniwersitete ýörite baýraklary gowşurdy.

Soňra sertifikatlaşdyrmak boýunça «CERT International» guramasynyň direktory Riad Ibragimow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň okuw işlerini dolandyrmak çygrynda hil menejmentiniň ulgamlarynyň ISO 9001:2015 halkara standartynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurdy.

«Saybolt» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili D.Aganyýazow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň barlaghana otaglarynyň ýerli we halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan barlag güwänamasyny gowşurdy.

Soňra «Özlem Aydinlatma Sa. A.Ş.» kompaniýasynyň wekili Ahmet Kahraman Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde gurnalan POLIGHT yşyklandyryjy enjamlarynyň we şäher mebelleriniň ISO 9001:2015, ISO 14001:2015 we ISO 45001:2018 halkara standartlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandygyny hem-de bu enjamlaryň ýokary hilini we bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamany gowşurdy.

 «Durmuşda öz ornuňy tapmak üçin bilime möhüm orun degişlidir. Bilim her bir adam üçin täze-täze mümkinçilikleri açýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy şu günki dabaranyň ajaýyp jemlemesine öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz döwrebap ýokary okuw mekdebiniň açylmagy bilen ýygnananlary ýene bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo