Beýik Britaniýada «Chevening» maksatnamasy boýunça bilim almak üçin arzalar kabul edilip başlanýar

MilliInfo

2 sagat öň

Beýik Britaniýada «Chevening» maksatnamasy boýunça bilim almak üçin arzalar kabul edilip başlanýar

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2027–2028-nji okuw ýyly üçin «Chevening» talyp haklary (stipendiýa) maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu maksatnama dünýä derejesinde bilimi almaga we Birleşen Patyşalyk bilen hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Guramaçylar geljege anyk garaýşy bolan hem-de iki ýurt üçin hem ileri tutulýan ugurlarda durnukly ösüşi ilerletmäge çalyşýan hünärmenleri gözleýärler.

Arzalary kabul etmek möhleti 4-nji awgustdan 6-njy oktýabra çenli dowam eder. Bu görnükli bilermenleriň ählumumy ulgamynyň bir bölegi bolmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Maksatnama barada has giňişleýin maglumaty «chevening.org» saýtyndan alyp bilersiňiz.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info