Meşhur hokkeýçi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynda (NHL) çempionatlary we pleý-off tapgyrlaryny goşmak bilen, karýerasyndaky 1000-nji şaýbasyny geçirdi. Bu waka onuň çykyş edýän topary — «Waşington Kepitalsyň» «Kolorado Ewelanş» toparynyň garşysyna geçiren oýnunda bolup geçdi. Duşuşyk 3:2 hasabynda «Kolorado» toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Oweçkin liganyň çempionatlarynda 1562 oýunda 923 şaýba, pleý-offda bolsa 161 oýunda 77 şaýba geçirmegiň hötdesinden geldi. Jemi: 1000 şaýba. Şeýlelikde, ol NHL-iň taryhynda karýerasynda 1000 şaýba awtorlyk eden ikinji oýunçy boldy. Ondan öň bu görkezijä diňe Ueýn Gretski ýetipdi — onuň hasabynda 1016 şaýba bar.
Häzirki möwsüm Oweçkin üçin «Waşington» bilen baglaşylan şertnamanyň soňky ýyly bolup durýar. Ol entek şertnamany uzaltmak barada gutarnykly kararyny kabul etmedi.
Ozal hokkeýçi karýerasyny tamamlamak mümkinçiligi baradaky pikirini hem paýlaşypdy. Meşhur hokkeýçi şeýle pikiriň döremeginiň saglyk ýagdaýy baglydygyny tassyklaýar. Häzirki wagtda bolsa ol janköýerleriň goldawyndan mümkin boldugyça köp güýç alyp, oýnuň lezzetini duýup çykyş etmegi maksat edinýär.