Daşoguz welaýatynyň daýhanlary güýzlük käşir ekişini üstünlikli tamamladylar

MilliInfo
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary güýzlük käşir ekişini üstünlikli tamamladylar

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary güýzki käşir ekişini üstünlikli jemlediler. Bu ekin amatly möhletlerde 40 gektarlyk meýdana ekildi. Güýzde daýhanlar azyndan 720 tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ýatladyp geçsek, bu sebitde käşir ýylda iki gezek ösdürilip ýetişdirilýär. Ekişiň esasy bölegi bahar paslyna gabat gelip, bu ekin üçin 730 gektar ýer bölünip berlipdi we onuň her gektaryndan eýýäm 180 sentnere çenli hasyl ýygnaldy.

Welaýatyň ekerançylary, adatça, sary käşiriň görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Ol ýokary hasyllylygy we amatly möhletlerde bişip ýetişmegi bilen tapawutlanýar. Käşiriň bu görnüşi tagamly we şirelidir. Ol yssa durnukly bolmak bilen bir hatarda, sowuga hem çydamly hasaplanýar. Şonuň üçin hem, bu önümi welaýatyň toprak-howa şertlerinde ösdürip ýetişdirmek üçin örän amatlydyr.

Sary käşir ýerli palawy taýýarlamagyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Ol palawyň bezegi hasaplanýar. Şonuň üçin hem, ýerli daýhanlar käşiriň şu görnüşine has uly ähmiýet berýärler.

Käşirden başga-da, welaýatda her ýyl 25 müň tonna golaý pomidor, 9,5 müň tonnadan gowrak kelem, 2 müň tonnadan gowrak hyýar ösdürilip ýetişdirilýär, sogan bolsa ýylda iki gezek ýygnalýar. Şeýle netijeleri gazanmaga ýer we suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy, ekinleriň görnüşleriniň kämil saýlanylmagy, toplanan tejribäniň döwrebap ylmy çemeleşmeler bilen utgaşdyrylmagy ýardam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info