Oweçkin hokkeýiň taryhyndaky ornuny pugtalandyrýar: bu gezek çep hüjümçileriň netijeli paslary boýunça

MilliInfo

13 Oktýabr, 2025

«Waşington Kepitalz» toparynyň kapitany Aleksandr Oweçkin Milli Hokkeý Ligasynyň (NHL) regulýar çempionatynda «Nýu-Ýork Aýlenders» (4:2) klubuna garşy geçirilen duşuşykda netijeli paslary bilen tapawutlandy. Bu netije oňa möwsümdäki ilkinji utuklaryny getirdi.  

Şunlukda, 40 ýaşly Oweçkin karýerasyndaky şeýle paslarynyň sanyny 727-ä ýetirdi we bu görkezijide ikinji orna ynamly geçmegi başardy. Ol Lýuk Robitaýlyň netijesini yzda galdyrmagyň hötdesinden geldi.  

Bu ugurdaky rekord bolsa Jonni Busige (813) degişli bolmagynda galýar. Bu oýunda Oweçkin NHL-iň taryhynda myhmançylykda geçirilen oýunlarda toplan utuklary boýunça ýedinji orna çykdy. Indi onuň hasabynda şeýle ballaryň 785-si bar.  

Mundan başga-da, geçen duşuşyk boýunça Aleksandr Oweçkiniň hasabyna «+1» peýdalylyk görkezijisi, derwezä gönükdirilen 2 şaýba atyşy we 2 güýç emeli bellik edildi.



Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo