«Fi Mini» atly täze enjam: GPS-maýagy öý haýwanlary üçin fitnes-treker mümkinçiliklerini hödürleýär

MilliInfo

26 Awgust, 2025

Haýwanlary üçin gajetleriň önümçiligine ýöriteleşen «Fi» brendi itlere hem pişiklere niýetlenen «Mini» atly ykjam trekerini hödürledi. Ol haýwanyň boýnuna berkidilýär we onuň hereketlerini yzarlamak bilen çäklenmän, eýsem, fitnes trekeriniň mümkinçiliklerini hem ýerine ýetirýär.

«Fi Mini» enjamynyň gabarasy 42 x 30 x 12,5 mm bolup, agramy — 16 gram. Ol GPS tehnologiýasynyň hem-de «Verizon» operatoryndan LDE-modeminiň kömegi bilen öý haýwanynyň nirededigini bilmäge mümkinçilik döredýär. Gurluşyň gabarasy IP68 standarty bilen goralyp, tehnologiýa bir gezek batareýasy doldurylan ýagdaýynda üç hepdeläp ulanmak mümkinçiligini hödürleýär.

Mundan başga-da, treker haýwanyň geçen ädimleriniň sanyny we onuň fiziki işjeňligini hasaplamaga hem-de ukusynyň statistikasyny ýöretmäge ukyplydyr. Bu maglumatlaryň ählisini mobil goşundy arkaly gözegçilikde saklamak mümkin. Tehnologiýa öý haýwanynyň ugruny düzmäge hem-de bir aýyň dowamyndaky bütin statistikasyny weterinara geçirmäge şert döredýär.

Enjam itiň boýnuna berkidilende, onuň nähili günleri (asuda ýa-da galmagally) başdan geçirýändigini yzarlap bolar. Bu itiň üýrýän wagtynyň köplügine görä kesgitlenilýär. Munuň özi haýwan üçin stres döredýän sebäbi anyklap, ony aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Treker itiň öz-özüni dili bilen gaty ýygy ýalamagy ýa-da gaşanmagy ýaly ýagdaýlary hem onuň eýesine habar berýär.

Treker diňe abuna ýazylyşygynyň amala aşyrylan ýagdaýynda işlär: enjamy işe girizmek üçin 20$, ýarymýyllyk abuna üçin ýene 79$, bir ýyla 129$, iki ýyla bolsa 239$ baha kesilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo