FIFA ilkinji gezek oýunçylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama we jemleýji tapgyrynyň oýunlaryna gatnaşýan klublara töleg eder. Bu serişdäniň möçberiniň 355 million dollara barabar bolmagyna garaşylýar.
FIFA 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň netijesi boýunça 440 kluba 209 million dollar bölüp berdi. Bu töleg ulgamy 2023-nji ýylda FIFA bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama esaslanýar.
FIFA-nyň prezidenti Jenni Infantino bu babatda şeýle sözler bileb çykyş etdi: «2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin FIFA-nyň klub tölegleriniň programmasynyň giňeldilen görnüşi öňe tarap ähmiýetli ädim bolup, dünýädäki köp klublaryň we oýunçylaryň saýlama hem final ýaryşlarynyň geçirilmegine goşýan ägirt uly maliýe goşandyny ykrar edýär».

