Buhara hem-de Samarkanta gaýybana syýahat: Wepa Gurdowyň we Rustam Abdullaýewiň Özbegistanda çeken işleriniň sergisi geçirilýär

MilliInfo

8 Dekabr, 2025

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda geçiriljek ajaýyp sergi şekillendiriş sungatynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat bolar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, Suratkeşler birleşmesiniň agzasy Wepa Gurdowyň hem-de Türkmenistanistanyň Suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasynyň ýolbaşçysy Rustam Abdullaýewiň doganlyk döwletde — Özbegistan Respublikasynda çeken etýud işleri ildeşlerimize hödürlener. Ýeri gelende bellesek, zehinli suratkeşler şu ýylyň awgustynda bu ýurduň Buhara hem-de Samarkant şäherlerinde bolup, ajaýyp sebitleriň belli taryhy ýadygärlikleriniň ählisiniň suratlaryny çekdiler. Şol surat eserleriniň watandaşlarymyza hödürlenmegi nakgaşçylyk sungatynyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlar.

Sergi zalynda suratkeşleriň her biriniň 25-26 eseri ýerleşdiriler. Şunlukda, hödürlenjek surat eserleriniň umumy sany 50-den hem gowrak bolar.

Ajaýyp sergi şol gün (10-njy dekabr) 16:00-da başlanar.

Özbek topragynyň taryhy ýerlerine gaýybana syýahat etmek isleseňiz täsirli sergä gatnaşyp, gaýtalanmajak eserleri ýakyndan synlamak mümkinçiligini elden gidermäň!  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo