Özbek türgenini birinji raundda seňseleden türkmen söweşijisi Ata Atdaýew 8-nji professional ýeňşini gazandy

MilliInfo
Özbek türgenini birinji raundda seňseleden türkmen söweşijisi Ata Atdaýew 8-nji professional ýeňşini gazandy

Geçen agşam söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Ata Atdaýew «UAE Warriors» ligasyndaky nobatdaky ýeňşini gazandy. 57 kilogram agram derejesinde oktagona ildeşimiz Abu-Dabi şäherinde guralan ýaryş agşamynda özbegistanly Behzod Abdurahimowy ahmyrda goýdy.

Tutluşyga ynamly çykan türkmen söweşijisi eýýäm birinji raundda garşydaşyny seňseletmegiň hötdesinden geldi. Ata çep ganatdan geçiren güýçli urgusy bilen özbek türgenini nokaut etdi. Çep tarapdan netijeli urgulary geçirmek A.Atdaýewiň tutluşyga taýýarlyk gören döwründe tälimçisi Soltan Pirgulyýew bilen inçeden işlän emelidigini bellemek gerek.

Tejribeli dzýudoçy hasaplanýan we Abdulmanap Nurmagomedowyň söweş zalynda türgenleşýän türgeni ahmyrda goýmagy Atanyň bu söweşe diýseň taýýarlykly gelendigini görkezdi. Şeýlelikde, ýeňilmezek türkmen ýigidi 8-nji professional ýeňşine ýetdi. Zehinli türkmen ýigidi «UFC-niň» ýolbaşçysy Dana Uaýtyň gözegçiligindäki «IMMAF» guramasynda hem dünýäniň we Ýewropanyň çepmiony bolupdy.

Biz erjel türkmen söweşijisi Ata Atdaýewi «UAE Warriors» ýaryş agşamynda eýe bolan nobatdaky üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info