«Ozon gatlagyny goramak näme üçin gerek?»: «Ýaş tebigatçy» bilen Ozon merkeziniň bilelikdäki bäsleşigi

MilliInfo

2 sagat öň

«Ozon gatlagyny goramak näme üçin gerek?»: «Ýaş tebigatçy» bilen Ozon merkeziniň bilelikdäki bäsleşigi

 «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Aşgabat şäherinde geçiren bäsleşigi «Ozon gatlagyny goramak näme üçin gerek?» diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň we umumy bilim berýän orta mekdepleriň 10-12-nji synp okuwçylary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan bäsleşik ýaşlary ozon gatlagyny goramak we ekologik taýdan arassa, ygtybarly, durnukly geljegi döretmäge gönükdirilen innowasion başlangyçlara höweslendirmekde diýseň ähmiýetli boldy.

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça hünärmeni I.Ýakubowyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkeziniň hünärmenleriniň, şeýle hem ýaş meýletinçileriň birnäçesiniň gatnaşmagy onuň ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini üpjün etdi.

Bäsleşigiň ýeňijileri gündelik durmuşda zeruru bolan dürli tehnologiýalar (planşet, saz kolonkasy, «Alisa» stansiýasy hem-de gulaklyklar) bilen sylaglandyrlar:

1-nji orun:

  • Madina Yhtyýarowa – Lebap welaýatyndaky 13-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy;

2-nji orunlar:

  • Aýnur Durdyýewa – Döwletmämmet Azady  adyndaky Türkmen döwlet dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby;

  • Merjen Ataýewa – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi;

3-nji orunlar:

  • Mähriban Orazberdiýewa – Mary welaýatyndaky 5-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy;

  • Aýna Badakowa – Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby;

  • Merdan Baýramow – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Bäsleşigiň sowgat gowşurylyş dabarasynda ýaşlaryň ekologiýany, ozon gatlagyny goramagynyň we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info