«Ozon» eltip bermek hyzmatynyň geografiýasyny giňeltdi: Indi şeýle hyzmat bütin Türkmenistanyň çägine amala aşyrylýar

MilliInfo

2 sagat öň

Mart aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň bazaryna giren meşhur «Ozon» marketpleýsi ýurduň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary üçin elýeterli boldy. Indi sargytlary diňe bir Aşgabatda däl, eýsem, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň islendik aragatnaşyk bölüminden alyp bolýar.

Şeýlelikde, müşderiler üçin millionlarça haryt — hojalyk tehnikalaryndan başlap, egin-eşiklere çenli elýeterlidir. Töleg amallary internet-töleg hyzmaty ornaşdyrylan türkmen banklarynyň kartlary arkaly amala aşyrylýar.

Töleg we kartlary açdyrmak meseleleri boýunça maslahat almak boýunça 075 gysga belgisine ýüz tutup bilersiňiz, harytlary bermek nokatlarynyň doly sanawy bolsa «ozon.tm» resmi domeninde görkezilendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info