Pakistan Türkmenistan bilen göni howa gatnawyny dikeltmegi teklip edýär

MilliInfo

Pakistan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi teklip edýär. Bu barada Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Leghariniň şu günki «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda beýan edilýär.

«Pakistanyň beýleki teklibi – Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda howa gatnawlaryny dikeltmek» – diýip, diplomat öz makalasynda belleýär.

Ol şeýle edilen ýagdaýynda ilaty 240 milliondan gowrak bolan Pakistandan köp sanly syýahatçylaryň Aşgabada çenli iki sagatlyk howa gatnawynyň hem-de Ýewropa, Russiýa, Hytaý, Uzak Gündogar we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitlerine «Türkmenhowaýollary» tarapyndan amala aşyrylýan esasy ugurlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp biljekdigini aýtdýar.

Leghary howa gatnawynyň söwdanyň, lukmançylyk syýahatçylygynyň, bilim we medeni alyş-çalşygyň ösüşinde möhüm orny eýeleýändigini belledi. Ol munuň tiz zaýalanýan önümleri, şol sanda mangony, sitrus miwelerini, gök önümleri, ýag hem-de şaly ýaly harytlary tiz getirmäge şert döretjekdigini tassyklady.   

Ilçi Pakistanyň türkmen talyplaryna talyp haklaryny hödürlemäge, urdu we türkmen dillerinde iki dilli okuw programmalaryny ýola goýmaga, şeýle hem halkara mekdebi döretmäge taýýardygyny nygtady.

Söwda babatda aýdylanda bolsa häzirki wagtda Pakistan türkmen telekeçilerine 24 sagadyň dowamynda iş wizasyny almak mümkinçiligini hödürleýär. Diplomatyň bellemegine görä, esasan hem, dokma söwdasyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda öndürilýän pagta, ýüplük we ýüň Pakistana eksport edilip, Pakistanyň dokma önümleri bolsa türkmen bazarynda ýerlenip bilner.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo