Gahrymanlaryň hatyrasy ajaýyp mukamlarda: 8-nji maýda «Ýeňiş bahary» atly konsert geçiriler

MilliInfo

2 sagat öň

8-nji maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde gahrymançylykly wakalaryň, 1941—1945-nji ýyllarda gazanylan Ýeňşiň hem-de uzak garaşylan parahatçylygy ýakynlaşdyran ynsanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ýeňiş bahary» atly baýramçylyk konserti geçiriler. Agşamyň çeper ýolbaşçysy we dirižýory — Tahyr Ataýew.

Konsertiň maksatnamasy şol ýyllaryň ruhuny myhmanlara ýetirmegi göz öňünde tutýar: her bir saz notasynda aýralyk hasraty hem-de näzik umytlar, şeýle hem Ýeňşiň beýik şatlygy ýaňlanýar. Tamaşaçylara nesilleri umumy ýatlama we duýgular arkaly birleşdirýän täsirli saz hekaýasy garaşýar.

Guramaçylar bu agşamyň diňe bir medeni çäre bolman, eýsem, maşgalanyň jebisleşmegi üçin mümkinçilik boljakdygyny belleýärler. «Ýeňiş bahary» tomaşaçylary ýatlamalara, duýgulara hem-de iň agyr döwürlerde adamlara kömek eden söýginiň gymmatyny täzeden aňlamaga çagyrýar.

Konsert geçmiş bilen häzirki döwrüň arasynda janly köpri bolup, taryhy hakydany saklamagyň möhümdigini ýatladar. Ajaýyp çärä bütin maşgala bolup gatnaşyp bilersiňiz.

Konsertiň başlanjak wagty — 19:00.

Biletleri aşakdaky telefonlar arkaly bron edip bolýar:

55-90-15

+99362-53-28-71

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info