Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna wenesuelaly syýasatçy zenan Mariýa Korina Maçado eýe boldy. Onuň parahatçylyk boýunça abraýly baýraga eýe bolandygy Nobel komitetiniň saýtynda yglan edildi.
Nobel baýragyna mynasyp hasaplanmagy bu zenanyň demokratiýany dabaralandyrmak ugundaky netijeli işlerine esaslanýar.
Mariýa Korina Maçado 1967-nji ýylda Karakasda dünýä indi. Ol Wenesuelanyň hususy mekdebini tamamlanyndan soňra ABŞ-nyň mekdep-internatlarynda bilim aldy we senagat maşyn gurluşygy hünäriniň eýesidir. Mundan başga-da, onuň maliýe boýunça magistrlik derejesi bar.
Ýeri gelende bellesek, golaýda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi hem yglan edilip, abraýly sylaga wengriýaly senariýeçi hem-de ýazyjy Laslo Krasnahorkai eýe boldy.
«Laşlo Krasnahorkai — Merkezi Ýewropa däbine eýerýän uly epiki ýazyjy. Emma onuň ýazuw usuly diňe bu ugra daýanmaýar. Ol Gündogara hem seredýär, ugurlary has täsirli, duýgur we takyk sazlaşdyrylan özboluşly öwüşgini saýlap alýar» diýip, komitetiň beýanatynda aýdylýar.

