Futbol janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan pursaty hem gelip ýetdi. Şu agşam — 31-nji maýa geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçiriler.
Abraýly ýaryşyň finaly Parižiň «Pari Sen-Žermeni» bilen Londonyň «Arsenalynyň» arasynda geçýär.
Budapeştiň «Puşkaş Arena» stadionynda geçirilýän oýun Aşagabat wagty bilen 20:50-de başlanar.
Duşuşygyň «Türkmenistan. Sport» hem-de «Warzish sport HD» teleýaýlymlarynda göni efirde görkezilmegine garaşylýar.
Siziň pikiriňizçe bu duşuşykda kim ýeňer? Haýsy klub UEFA Çempionlar ligasynyň ýeňijisi bolar?