12-nji sentýabrda Aşgabatda Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň (NDС) täzelenmegini ara alayp maslahatlaşmak boýunça milli seminar geçirildi.
Seminara döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we taslamalaryň wekilleri gatnaşdylar. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP), BMG-niň ýanyndaky Çagalara kömek bermek boýunça adatdan daşary gaznanyň (ÝUNISEF), Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň (GIZ), BMG-niň Azyk we oba-hojalyk guramasynyň (FAO), BMG-niň Senagat ösüş guramasynyň (UNIDO), Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň Ylym-maglumat merkeziniň wekilleri hem milli bilermenler we maslahatçylar wekilçilik etdiler. Çärä Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa merkeziniň (RECCA) Türkmenistandaky Taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow hem gatnaşdy.
Resmi açylyş dabarasy Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň, şeýle hem UNDP-niň programmalaşdyrma seljerijisi Farhat Orunowyň gutlag sözleri bilen başlandy.
Birinji sessiýada milli goşandy kesgitlemegiň binýady we halkara talaplar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça dördünji milli maglumatynyň syny hödürlendi. Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDС) täzelemegiň başlanandygy we onuň Pariž şertnamasyndaky borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine nähili täsir etjekdigi barada gürrüň berildi. UNDP taslamasynyň hünärmeni bolsa täzelemegiň talaplary, onuň gurluşy, maksatly görkezijileri we monitoring mehanizmleri barada hasabat berdi.
Ikinji sessiýada pudaklaýyn ugurlara ähmiýet berildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekili elektroenergetikada energiýany tygşytlamak boýunça tehnologiýa we kanunçylyk çäreleri barada gürrüň berdi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekili gaz pudagynda metan çykarmalary azaltmakdan we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy döretmegiň mümkinçiliklerinden söz açdy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekili Türkmenistanyň 2025–2026-njy ýyllar üçin Metan Global borçnamasynyň çäginde Döwlet ýol kartasynynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň çölleşmäniň öňüni almak we ýer serişdelerini täzeden dikeltmek boýunça hemaýatkärlik borçnamalary barada gürrüň berildi. Galyberse-de, 2030-njy ýyla çenli biologik köpdürlüligi goramak boýunça meýilnamalar tanşdyryldy.
Ahyrky — üçünji sessiýa amaly meseleler üçin baglanyşdyryldy. Howanyň üýtgemeginiň gender täsiri, klimatyň sosial netijeleri, parnik gazlaryny tükellemek ulgamyny işläp düzmek, Milli derejede kesgitlenen goşandyň (NDС) täzelenmegini taýýarlamak meýilnamasy bilen bagly meselelere seredildi. Duşuşygyň ahyrynda milli goşandy taýýarlamak prosesinde pudagara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
«Türkmenistanyň milli goşandyny täzelemek daşky gurşawy goramagyň durnukly çemeleşmelerini formalaşdyrmak üçin möhüm ädimdir we klimatik çärelerde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar» — diýip, jemleýji çykyşynda Mergen Kepbanow belledi.

