18-nji noýabrda Pariž şäherindäki Fransiýanyň Halkara we strategik barlaglar institutynyň — IRIS-iň maslahatlar zalynda «Türkmen-fransuz gatnaşyklary: häzirki zaman dünýäsiniň şertlerinde wehimler we mümkinçilikler» atly maslahat geçirildi. Çäräni IRIS we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihansy bilelikde gurady.
Maslahata Türkmenistanyň we Fransiýanyň diplomatik, ylmy we medeni guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň, akademiki edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary gatnaşdylar.
Çärede Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçisi Maksat Çaryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Fransiýanyň Mýanmadaky ilçisi hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Kristian Leşerwi, IRIS-iň ylmy işgäri Sami Ramdani, IRIS-iň ylmy müdiri Emmanuel Linskot, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Şamuhammet Çaryýew dagy çykyş etdi.
Çykyşlarda häzirki wagtda dünýäde güýçlenýän bölünişik tendensiýalarynyň şertlerinde halkara jemgyýetçiliginiň ynanyşmaga, açyk diplomatiýa esaslanýan täze hyzmatdaşlyk modellerine zerurlygyň artýandygyny bellenildi. Bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerini 30 ýyl bäri yzygiderli durmuşa geçirýändigi, onuň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigi nygtaldy. Bitaraplyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň berk binýady bolup çykyş etmek bilen, açyk dialogy, özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlygy hem-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky parahatçylyga we durnuklylyga goşýan goşandyny üpjün edýär.

Türkmen-fransuz gatnaşyklary barada durup geçmek bilen Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Pariž şäherine amala aşyran resmi saparynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Ol bu saparyň energiýa, ekologiýa, suw serişdeleri, sanly ulgam, kosmos tehnologiýalary, bilim, ylym hem-de medeni miras ugurlarynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açandygyny belledi. Ilçi gol çekilen resminamalaryň çäginde degişli iş toparlarynyň döredilendigini, tehniki we guramaçylyk meseleleriniň utgaşdyrylýandygyny, bilermen alyşmalarynyň geçirilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol energetika pudagynda ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, metan zyňyndylarynyň azaltmagy, täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy hem-de fransuz kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bilelikdäki taslamalaryň ähmiýetini nygtady.
Rektor Gülşat Ýusupowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilýändigini, onuň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini öňe sürýändigini aýtdy. Ol Fransiýa bilen bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, türkmen ýaşlarynyň fransuz diline bolan gyzyklanmalarynyň artýandygyny, medeni merkezleriň işiniň netijelidigini belledi.
Bu ýerde edilen ähmiýetli çykyşlar täsirli maglumatlara diýseň baý boldy. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinden, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi baradaky kitaplardan, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna degişli neşirlerden ybarat bolan ajaýyp sergi hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Myhmanlar görkezilen maglumatlaryň ýokary medeni we ylmy derejesini nygtadylar.
Çäre milli türkmen aşhanasynyň datly tagamlarynyň hödürlenmegi bilen tamamlandy.
