13-14-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH Asia» maksatnamasynyň çäginde guralan sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça sebitleýin parlamentara dialogyna Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri hem işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň maksady sebitde sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmakdan we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmekden ybarat boldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzda ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň, tebigaty goramak işiniň hem-de Durnukly Ösüş Maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada belläp geçdiler.
Dialogyň dowamynda howanyň üýtgemegi, biodürlüligiň ýitmegi we daşky gurşawyň hapalanmagynyň esasy sebäpleri, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşde möhüm kynçylyklaryň ýüze çykmagy, suw ýetmezçiligi, çölleşmä we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sebitleýin dialogyň dowamynda häzirki wagtda hereket edýän sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgelerine gabat gelýän önümçilik bilen tanyşlyk duşuşyklary guraldy we bu ugurda birek-birek bilen tejribe alyşyldy.

