Şu gün — 1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Litwa Respublikasynyň Seýminiň Litwa-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dainius Warnasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy aýratyn hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhmanlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasynyň bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygy üpjün etmekdäki orny barada nygtaldy.
Myhmanlar Litwa Respublikasynyň Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de parlamentara ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şunda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» görnüşdäki hyzmatdaşlygyň sebit ýurtlaryň arasyndaky syýasy dialogy, ulag-logistika geçelgelerini ösdürmäge uly mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi.
