Bişkek şäherinden gelip gowşan hoş habarda Türkmenistanyň sport ussady Faris Aliýewiň pauerlifting boýunça dünýä çempiony bolandygy buşlanylýar. Ol 23 — 26-njy oktýabr aralygynda Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) geçirilen pauerlifting boýunça Açyk dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik, 93 kilograma çenli agram derejede garşydaşlarynyň ählisinden ýokary netije görkezmegi başardy.
Dünýä birinjiligine gatnaşmak mümkinçiligi onuň halkara giňişligindäki şowly çykyşlarynyň netijesi boldy: türgen bu ýaryşa ýollanmany 6 — 9-njy awgust aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçirilen Aziýa çempionatynda gazanan ýeňşi arkaly gazandy.
Ýeri gelende bellesek, Faris Aliýewiň güýç boýunça üçgörnüşli (pauerliftingiň) ýaryşyň iň täsirli we çekeleşikli agramlarynyň birinde — 93 kg çenli agram derejesinde çempionlyga ýetmegi sportuň şu görnüşinden milli mekdebimiziň dünýädäki möhüm ornuny tassyklady. Awgust aýynda Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanylan altyn medal diňe bir türgeniň ýokary taýýarlyk derejesini subut etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň dünýä derejesindäki ýaryşa gatnaşmagyna hem resmi taýdan ýol açdy.
Adatça, şu agramdaky bäsleşik üç maşk boýunça (arkaňda ştangany saklamak bilen oturyp-turmak, ýatan ýeriňden ştangany galdyrmak (žim) we ştangany ýerden götermek) uly agramlary eýgerýän iň güýçli pälwanlary bir ýere jemleýär. Bu derejä çykmak türgenden aňryçäk güýç-kuwwaty, berk tertip-düzgüni we inçe tehniki ussatlygy talap edýär.
Biz pauerlifting boýunça dünýä çempiony bolan ildeşimizi — Faris Aliýewi nobatdaky üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
