Paýtagtymyza täze ýük teplowozy gelip gowuşdy

MilliInfo
Paýtagtymyza täze ýük teplowozy gelip gowuşdy

Ýakynda paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde uly dabara bilen täze ýük teplowozy garşylandy. Bu barada «Türkmenistan» (15.06.2026ý) gazetinde habar berildi.

Dostlukly we strategik hyzmatdaş ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasynyň dünýä belli «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasynyň öndüren üç bölekli ägirt ýük teplowozynyň ýurdumyza gelip gowuşmagy milli demir ýol ulgamynyň işiniň mynasyp derejede döwrebaplaşdyrylýandygyny äşgär edýär. Hytaý kompaniýasynyň bu önümi Türkmenistana ilkinji gezek getirilýär we ol özüniň ýokary tehnologik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu kuwwatly tehnikanyň satyn alynmagy iki dostlukly ýurduň — Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara bähbitli, durnukly we strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky miwesidir. Şunuň bilen birlikde, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, ozal hereket edýän teplowozlara hem düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilendigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda şol abatlanan we önjeýli hyzmat edýän iki bölekli teplowozlaryň ýük çekijiligi 4 müň 200 tonna barabar bolsa, täze getirilen üç bölekli teplowozyň ýük çekijilik ukyby 6 müň 300 tonna deňdir. Bu bolsa ýük daşama kuwwatyny 1,5 esse artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem täze tehnikanyň konstruktiw tizligi sagatda 100 kilometr bolup, onuň dolandyryş ulgamy sanly ulgamyň mümkinçiliklerine eýedir. Täze teplowozyň her böleginde 6 sany tigir jübüdi bolup, her tigire düşýän agram 23 tonna barabardyr. Bu görkezijiler onuň uzak möhletleýin, ygtybarly we ýokary öndürijilikli hyzmat etjekdigine kepil geçýär.

Ýurdumyza täze ýük teplowozynyň gelip gowuşmagy tutuş halkymyz we demir ýol pudagynyň agzybir işgärleri üçin buýsandyryjy we taryhy wakadyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info