Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki (01.05.2026ý) sanynda çap edilen bildirişde aýdylýar.
Bu çäre 5-nji maýda Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlar şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.
Salgysy we telefon belgileri:
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy), 39-34-56;
Bagtyýarlyk etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy), 39-34-64;
Berkararlyk etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy), 39-34-71;
Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy), 35-12-69;
Köpetdag etraby (Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 148-nji jaýy), 39-34-76;
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy), 22-74-07;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi (Garaşsyzlyk şaýolunyň 104-nji jaýy), 44-89-15.