Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli guralan giň gerimli sergi

MilliInfo

18 sagat öň

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli giň gerimli sergi açyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy mynasybetli ýollan Gutlagynda bu giň möçberli forumyň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýär.

Soňra sergi bilen tanyşlyk başlandy. Serginiň ekspozisiýalarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň köpugurly ösüşleri aýdyň şöhlelenýär. Olarda Bitaraplygyň nyşanlaryna aýratyn orun berlipdir. Halkara çärelerden fotomateriallar, BMG we ugurdaş halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalar ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dialog we hyzmatdaşlyk üçin binýat bolup durýandygyny görkezýär.

Ýangyç-energetika bölüminde gaz pudagynyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän möhüm orny beýanyny tapýar. Nebitgaz ýataklarynyň, döwrebap kompressor we gaýtadan işleýän desgalaryň nusgalary, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar baradaky multimedia tanyşdyrylyşlary oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýurdumyza daşary ýurtly maýadarlar we üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigini görkezýär. Ulag-aragatnaşyk bölümindäki döwrebap logistika merkezleriniň, awtomobil we demir ýollarynyň nusgalary, üstaşyr ulag ugurlaryny ösdürmek baradaky wideoşekiller Türkmenistanyň Gündogar bilen Günbataryň arasynda köpri hökmündäki eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekýär.

Sanly ykdysadyýete bagyşlanan diwarlykda maglumat tehnologiýalary ulgamynda gazanylan üstünlikler, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça çözgütler, «akylly» şäher tehnologiýalary görkezilýär. Oba hojalyk toplumynyň bölüminde ekerançylykda, maldarçylykda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, döwrebap usullar we tehnologiýalar, seçgiçilik işinde gazanylýan üstünlikler şöhlelendirilýär. Dokma senagatyna bagyşlanan pawilýonlarda milli senetçilik önümleri, döwrebap önümçilik kärhanalarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri tanyşdyrylýar. Ekspozisiýa ýurdumyzda milli medeni mirasy gorap saklamak bilen birlikde, dokma önümçiligini döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmäge hem uly üns berilýändigini görkezýär. Gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly hem-de batly depginler bilen ösýän ugry bolup durýar.

Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary hem ýaýbaňlandyrylypdyr. Pawilýonlarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär.

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri-de sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Mälim bolşy ýaly, gysga wagtda kärhananyň önümçilik zynjyry, tehnologiýasy kesgitlenilip, ýörite haryt nyşany döredildi hem-de degişli sertifikatlaşdyrma işleri geçirildi. Kärhananyň öndürýän pamyk taýajyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtükleri, başgaplary, halatlary, aýakgap örtükleri we beýleki serişdeleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda giňden ulanylýar. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy çagalar üçin zerur witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hem öndürýär.

Şu gezekki serginiň möhüm aýratynlygy onuň ruhy-medeni, aň-bilim ugurlaryny-da öz içine alýandygyndan ybaratdyr. Bilim ulgamyna degişli bölümde başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň gazanan uly üstünlikleri bilen tanyşmak mümkin. Sergide döwletimiziň ylymda gazananlary, döwrebap ylmy-barlag enjamlary, gadymy golýazmalar, ylmy neşirler görkezilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo