Paýtagtymyzda çagalaryň şadyýan baýramyna badalga berildi: «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy açyldy

MilliInfo

19 Awgust, 2026

Paýtagtymyzda çagalaryň şadyýan baýramyna badalga berildi: «Kids EXPO» sergi-ýarmarkasy açyldy

Aşgabatda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralýan giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy kompaniýalary öz önümlerini görkezýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň sergi-ýarmarka gatnaşyjylara ýollan Gutlagynyň okalmagy bilen başlanan çäräniň açylyş dabarasy ajaýyp aýdym-sazlara beslendi.

Giň gerimli sergi-ýarmada hödürlenýän önümler Watanymyzda çagalaryň bagtyýarlygy ugrunda edilýän aladalaryň ähli zatdan ileri tutulýandygyny tassyklaýar.

Onuň çäginde mekdep okuwçylarynyň halkara küşt ýaryşynyň geçirilmegi, aň-paýhas oýny boýunça ussatlyk sapaklarynyň guralmagy bagtyýar çagalaryň köpugurly kämilligini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Küşt maksatnamasy dartgynly bäsleşikden başga-da, täsirli bölümleri, tegelek stol duşuşygyny özünde jemleýär.

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep harytlaryny özünde jemleýän pawilýonlaryň aýratyn gyzyklanma döretjekdigi ikuçsuzdyr. Bu ýerde sapaklar üçin ähli zerurlyklary — okuw esbaplaryny we gollanmalary, çagalar üçin niýetlenen mebelleri diňe bir synlap däl, eýsem, amatly bahadan satyn alyp hem bolýar.

Serginiň ilkinji gününde ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň diwarlyklary bu ýere gelýänleriň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Olaryň öndürýän önümleriniň görnüşlere baýdygy hususy pudagyň ägirt uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň beýanyna öwrülýär.

Sergä gatnaşýanlaryň hatarynda çagalar üçin dürli önümleriň satuwyny amala aşyrmaga ýöriteleşen iri söwda platformalary we internet dükanlary hem bar.

Ajaýyp serginiň giň hem täsirli medeni maksatnamasy çagalaryňyzda ýatdan çykmajak täsirleri döreder. Şonuň üçin hem, gyzykly gözden geçirilişe gatnaşmaga howlugyň!

Sergi 22-nji awgustda tamamlanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info