Paýtagtymyzda suratkeş Nureddin Nyýazowyň sergisi açyldy

MilliInfo

15 Sentýabr, 2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Nureddin Nyýazowyň 75 ýaşyna bagyşlanan «Ýer – biziň öýümiz» atly şahsy surat sergisi açyldy.

Nureddin Nyýazow ýurdumyzyň Günorta-Gündogarynda ýerleşýän kiçeňräk Kerki şäherinde dünýä indi. Suratkeşlik bilimini Duşanbe şäherindäki çeperçilik mekdebinde aldy. Etrap şäherçesinde ýaşaýan Nureddin Nyýazowyň zehinli suratkeşler topary bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçiligi ýokdy, şonuň üçin-de onuň mugallymlary we halypalary italýan suratkeşleridir ispaniýaly suratkeş Salwador Dali boldy.

Nureddin Nyýazow ykrar edilen bu zehinlere öýkünmedi-de, olary göçürmedi-de, olaryň işlerini öwrendi, Leonardo da Winçiniň işlerinden syr agtardy we olaryň çözgütlerine ýol tapdy. «Ýer – biziň öýümiz» sergisine taýýarlanan suratlar toplumynda agtaryşlaryň netijelerine esaslanyp, Nureddin Nyýazowyň adyna berlen bäş sany awtorlyk hukugy şahadatnamasy görkezilipdir. Mahpirat adyndaky Merkezi Aziýa halklarynyň taryh instituty (Daşkent) Nureddin Nyýazowa «Hormatly akademik» derejesini beripdir. 

N.Nyýazow ýaş toýunda mowzuklary we žanrlary dürli bolan 70 sany surat görkezdi. Esasy mowzuk – ene ýerimiziň näzikligi. Suratkeşiň neşe serişdeleriniň ölüm howpy baradaky duýduryşy-da «Ýer – meniň öýüm» mowzugyna degişlidir.

Serginiň aglaba bölegini «Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi» toplumyndaky suratlar eýeleýär. Adatça bolşy ýaly, bu toplumdaky işler realistik ýa-da simwolik žanrlarda ýerine ýetirilipdir. Awtor sergä gelenleri «Leonardo da Winçiniň dünýäsi» toplumyndaky suratlar bilen-de tanyşdyrdy, bu ýerde suratçy köplenç Mona Lizany (Jokondany) şekillendiripdir. «Da Winçi kody» suratynda tükeniksizligi aňladýan topa garaýan metafizik barlygyň garaýşy görkezilipdir.

Bu gezek sergide esasy surat «Beýleki planetalara uzaýan metafiziki el» eseri boldy. Salwador Daliniň usulynda çekilen bu suratda köp syr gizlenip ýatyr.

«Men öz ýolum bilen barýardym, köplenç düşünmezligiň sowuk bulutlarynyň astynda, ýeke özüm, sungatda çarkandakly durmuş ýoluny geçýärdim» diýip, Nureddin Nyýazow özi hakda gürrüň berýär.

Ol 2013-nji ýylda Türkmenistanyň medeniýetine goşan goşandy üçin «Gaýrat» medaly bilen sylaglandy, bu bolsa Nureddin Nyýazowyň zehininiň ykrar edilmegini aňladýar. Sergä gelen tomaşaçylara doly düşnükli däl, ýöne, kerkili ussadyň şeksiz gyzykly eserlerine uly üns bilen tomaşa etdiler. Myhmanlaryň özlerini alyp baryşlaryndan Nureddin Nyýazowyň döredijiligini halaýandyklaryny görmek bolýardy. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info