Şu gün — 19-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär.
Mejlise taýýarlyk işleriniň çäklerinde onda serediljek meseleleriň gün tertibini kesgitlemek, oňa gatnaşjak jemgyýetçiligiň wekillerini saýlap almak hem-de olaryň forumyň işine, beýleki medeni çärelere guramaçylykly gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaşamak, iýmitlenmek üçin zerur bolan şertleri döretmek ugrunda sazlaşykly işler üstünlikli alnyp baryldy. Ählihalk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde dürli kärdäki, hünärdäki raýatlaryň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri öz içine alýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, milli maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler kabul ediler.
Halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýan döwletli maslahatyň işi oň bolsun!

