Şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 18-nji aprelde geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Seýidowanyň hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň işine işjeň gatnaşýar. Umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramak, ösdürmek, geljekki nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda iş alyp barýan bu gurama belli şahsyýetleriň — akyldarlaryň, ýazyjylaryň we şahyrlaryň mirasyny wagyz etmekde aýratyn orun eýeleýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu gurama bilen medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde şu ýylyň maý aýynda Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertini hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerini ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyz bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňden ösdürilýändigini, bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherinde türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan opera konsertine hem-de TÜRKSOÝ-yň opera günlerine gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.