Paýtagtymyzdaky Ankara köçesiniň durky täzelener

MilliInfo

28 Awgust, 2025

Ýandeks karta

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 27-nji awgustdaky sanynda mälim edildi.

Bildirişde aýdylşy ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň bäsleşik teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde (Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy) bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Degişli teklipler 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryna çenli kabul ediler.

«10 ýyl Abadançylyk», Arçabil we Atamyrat Nyýazow» şaýollary, galyberse-de, Oguzhan köçesi bilen kesişýän Ankara köçesi ozal «Ýubileýnyý» diýen at bilen tanalandygyny ýatladýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo