16 — 18-nji aprel aralygynda ýetginjekleriň arasynda sportuň badminton görnüşi boýunça paýtagtymyzyň birinjiligi geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu ýaryş 12, 15 we 18 ýaşly türgenleriň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň birinjiligine gatnaşyjylary kesgitlejek möhüm synag boldy. Paýtagt derejesindäki ýaryşda öňdäki dört orny eýelän badmintonçylar ýurdumyzyň birinjiligine gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Badminton boýunça paýtagtymyzyň birinjiliginiň netijeleri:
12 ýaşa çenli oglanlaryň ýekelikdäki ýaryşy
1. Döwlet Şadullaýew
2. Dawut Saryýew
3. Hamza Saryýew
12 ýaşa çenli gyzlaryň ýekelikdäki ýaryşy
1. Jemile Baýramaliýewa
2. Agniýa Arutýunýan
3. Aýnur Gurbanberdiýewa
15 ýaşa çenli oglanlaryň ýekelikdäki ýaryşy
1. Şamuhammet Şaberdiýew
2. Ýemreli Yslamow
3. Rasul Kuliýew
15 ýaşa çenli gyzlaryň ýekelikdäki ýaryşy
1. Ewilina Ýefremowa
2. Anastasiýa Kulikowa
3. Karolina Tumanowa
18 ýaşa çenli oglanlaryň ýekelikdäki ýaryşy
1. Durdymuhammet Orazow
2. Ýunus Yslamow
3. Döwran Hojaberdiýew
18 ýaşa çenli gyzlaryň ýekelikdäki ýaryşy
1. Elnara Ataýewa
2. Gülşen Amanowa
3. Weronika Çaruşkina
Şunuň ýaly saýlama bäsleşikler häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem dowam edýär. Şunda Lebap, Ahal hem-de Balkan welaýatlaryndan her bir ýaş toparynda 2 gyz we 2 oglan — jemi 12 oýunçy ýurdumyzyň birinjiligine gatnaşmak mümkinçiligini alar.
Paýtagtymyzyň birinjiligi 12, 15 we 18 ýaşly oglanlaryň hem gyzlaryň arasynda iň güýçli badmintonçylary ýüze çykardy.