Paýtagtymyzyň işgär ýa-da iş gözleýän taraplarynyň dykgatyna: 8-nji oktýabrda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

MilliInfo

30 Sentýabr, 2025

8-nji oktýabrda  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde guramagynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär. Çäre Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara-binasynda guralýar. Boş iş orunlaryny hödürlemek çäresi şol gün sagat 09.00 — 12.00 aralygynda dowam eder.

Şunuň bilen baglylykda, kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler öz wekilleriniň bu çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen gatnaşmaklaryny üpjün etmelidirler.

Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, eger bar bolsa zähmet depderçesini hem-de hünärini tassyklaýan resminamasyny alyp gelmelidir.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy: 22-74-07

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy): 39-34-56

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo