Türkmenistanda ýazky syýahatçylyk möwsümi dowam edýär, öňde bolsa tomusky dynç alyşlar möwsümi bar. Şeýlelikde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna syýahat etmegi meýilleşdirýänler üçin «e.gov.tm» portaly arkaly petekleri onlaýn satyn almak boýunça amatly hyzmat elýeterli edildi.
Platforma arkaly uçara, otla ýa-da awtobusa petekleri öňünden sargyt etmek mümkinçiligi döredildi. Munuň üçin «Ulag, logistika we gümrük hyzmaty» bölümine girip, degişli ulag görnüşini we ugruny saýlamak ýeterlikdir.
Bu hyzmat kassalara baryp, nobata durmazdan syýahaty tiz meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Töleg «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa satyn alyş işini has-da amatly edýär.
Portal 24 sagat işleýär, şonuň üçin hem, ulanyjylar islendik wagtda syýahat üçin petekleri sargyt edip, Hazar deňziniň kenaryndaky tomusky dynç alşa öňünden taýýarlanyp bilerler.