Şu ýylyň 8—12-nji iýuny aralygynda tehnologiýalar dünýäsiniň möhüm çäresi — «Londonyň tehnologiýalar hepdeligi — 2026» geçiriler. Ählumumy tehnologiýalar festiwaly dünýäniň öňdebaryjy nowatorlaryny, syýasatçylaryny we pudagyň bilermenlerini bir ýere jemlär.
Şeýle hem, Londonyň tehnologiýalar hepdeligi bilen bir wagtda, 10-11-nji iýun aralygynda möhüm ähmiýetli wakalaryň ýene biri — «Emeli aň sammiti — 2026» guralar. Onda emeli aň ulgamyndaky iň döwrebap işläp taýýarlamalar we onuň hökümetiň işinde, senagatda hem-de jemgyýetde ulanylyşy bilen bagly maglumatlar hödürlener.
Türkmenistanyň sanly transformasiýa we innowasiýalara berýän ünsüniň artýandygyny, şol sanda hökümet derejesinde dürli pudaklaryň tehnologik kuwwatyny güýçlendirmek, emeli aň (AI), FinTech, ýaşlaryň bilimi, döwrebap önümçilik we senagatyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça milli strategiýalary kämilleşdirmek meseleleriniň yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nazara alanyňda, bu çäreler Türkmenistanyň döwlet we hususy pudaklary üçin işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.
«Londonyň tehnologiýalar hepdeligi — 2026» we «London emeli aň sammiti — 2026» Türkmenistanyň wekilleri üçin bellenen ugurlar boýunça täze mümkinçilikleri açar:
Emeli aň, kwant tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk, FinTech, marketing we döredijilik tehnologiýalary, ekologiýa taýdan arassa (green tech) tehnologiýalar we zähmet bazarynyň geljegi ýaly ugurlarda iň soňky täzelikleri öwrenmek;
Ylym, tehnologiýalar we sanly çözgütler ulgamynda Britaniýanyň öňdebaryjy bilermenleri bilen tanyşmak;
Britan we dünýä tehnologiýa liderleri bilen ähmiýetli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak;
Ýewropanyň, Aziýanyň we beýleki ýurtlaryň syýasatçylary bilen tejribe alyşmak;
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna laýyklykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we maýa goýumlarynyň täze ýollaryny kesgitlemek.
Beýik Britaniýa emeli aň bazarynda ABŞ-dan we Hytaýdan soň, dünýäde üçünji orunda durýar. Britan tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bazar bahasy häzirki wagtda 1 trillion dollara ýetýär.
Çäreler barada goşmaça maglumatlary şu salgylardan tapyp bilersiňiz:
https://londontechweek.com/ we https://london.theaisummit.com/