Pikirlenişiň we karýeranyň täzelenmesi: «Ýola Rowana» biznes merkezinde ýakyn günlerdäki treningleriň tapgyry

MilliInfo

2 sagat öň

Pikirlenişiň we karýeranyň täzelenmesi: «Ýola Rowana» biznes merkezinde ýakyn günlerdäki treningleriň tapgyry

«Ýola Rowana» okuw biznes merkezi şahsy we professional derejede ösmäge çalyşýanlaryň hemmesini amaly treningler tapgyryna çagyrýar. Bu duşuşyklar içki bökdençlikleri ýeňip geçmek, öz mümkinçilikleriňi açmak we üstünlige uzaýan pikir ýöretme strategiýalaryny öwrenmek isleýänler üçin ýörite işlenip düzüldi.

Maksatnama özara bagly intensiw treningleriň üçüsini öz içine alýar. Olar uly maksatlara tarap ynamly ädim ätmäge ýardam berer.

Birinji trening: «Maksatlara uzaýan ýolda özüňe ynamsyzlygy ýeňip geçmek» ady bilen 26-njy iýunda geçiriler

Köplenç hut özüňe bolan ynamyň pesligi arzuwa tarap ilkinji ädimi ätmäge päsgel berýär. Ýalňyşmakdan gorkmak, töwerekdäkileriň ýazgarmagy ýa-da üýtgeşmeler bilen ýüzbe-ýüz bolmak — bu köpler üçin tanyş böwetlerdir. Emma hut şol gorkularyň aňyrsynda iň uly ýeňişler bukulyp ýatyr.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar şulary öwrenerler:

  • Içki çäklendirmeleri nädip wagtynda bilmeli;

  • Üýtgeşmelerden gorkmagy bes etmegiň usullary;

  • Gorkyny şahsy güýje öwürmegiň, ynamly hereket etmegiň we öňde goýlan maksatlara ýetmegiň ýollary.

Netijede, durmuşy yza süýşürmegi bes edip, öz arzuwlaryňa tarap batyrgaý ädim ätmäge mümkinçilik dörär.

Ikinji trening «Nädip öz güýçli tarapyňy tapmaly?» ady bilen 1-nji iýulda geçirilýär

Näme üçin käbir adamlara hemme zat aňsat düşýär, beýlekiler bolsa ýyllarboýy öz ugruny gözleýärler? Köp adamlar öz hakyky zehininden we ukybyndan habarsyz ýaşaýarlar. Şol sebäpli hem, olar köplenç özlerine laýyk gelmeýän işleri saýlaýarlar, bähbitli mümkinçilikleri elden giderýärler we hakyky başarnykly netijelerine ýetip bilmeýärler.

Treningiň maksatnamasynda:

  • Şahsy tebigy artykmaçlyklaryňy kesgitlemek;

  • Näme sebäpden käbir tabşyryklaryň beýlekilerden ýeňil düşýändigine düşünmek;

  • Girdejini artdyrmak we ynamy berkidip, güýçli taraplaryňdan peýdalanmak üçin gurallar;

  • Mümkinçilikleriň açylmagyna päsgel berýän esasy böwetleriň seljermesi.

Bu trening özüňize täzeçe seretmäge we üstünlikleriň binýady boljak esasy içki zehiniňi tapmaga kömek eder.

Üçünji trening «Üstünlikli we işleri has bir şowlamaýan adamlaryň pikir ýöretme strategiýasy» ady bilen 3-nji iýulda geçirilýär

Mümkinçilikler birmeňzeş bolsa-da, käbir adamlaryň girdejisi hemişe artýar, beýlekiler bolsa ýyllarboýy şol bir ýerde durýarlar. Mesele diňe pulda, tanyş-bilişde ýa-da bilimde däl. Hemme zat pikir ýöretmekden başlanýar. Her gün adam özüni ýa üstünlige golaýlaşdyrýan ýa-da bilmezden rahatlyk zolagynda saklaýan kararlary kabul edýär.

Treninge gatnaşyjylar şulary seljermek mümkinçiligine eýe bolarlar:

  • Haýsy pikirlenme endikleri adamlara has üstünlikli bolmaga we baýamaga kömek edýär;

  • Haýsy gizlin garaýyşlar girdejiniň ösmegini bökdeýär;

  • Näme üçin käbirleri diňe päsgelçilikleri görýärler, beýlekiler bolsa täze mümkinçilikleri tapýarlar;

  • Pula, işe we öz geljegiňize bolan çemeleşmäni nädip bütinleý üýtgetmeli.

«Ýola Rowana» okuw biznes merkeziniň professional hünärmenleri bu treningde öňe sürüljek bary-ýogy ýekeje dogry pikiriň durmuşa we şahsy maliýe ýagdaýyna bolan garaýşy düýpgöter üýtgedip biljekdigine ynanýarlar.

Ähli çäreler «Ýola Rowana» okuw biznes merkezinde geçiriler.

Başlanýan wagty: 18:30.

Her bir duşuşyk — bu trening tamamlanandan soňra durmuşa ornaşdyryp boljak amaly gurallardyr.

Siz özüňiz üçin iň wajyp bolan bir treningi saýlap ýa-da hemmetaraplaýyn özgermek üçin ähli tapgyrlara gatnaşyp bilersiňiz.

Öz ösüşiňize maýa goýmagy şu tomusdan başlaň!

«Ýola Rowana» — ösüşiň we üstünligiň ýoly!

Habarlaşmak üçin:

 +993 65 17 05 80

 +993 61 73 22 99

 +993 62 10 63 33

Instagram: @yola_rowana.tm

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info