Şu gün — 16-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan watandaşlarymyza ajaýyp sowgat garaşýar. Şol ýerdäki «Älemgoşar» seýilgähinde geçiriljek Şazada Annagulyýewiň hem-de Perhat Ataýewiň konserti ildeşlerimize göwnüni göterip, olaryň dynç günlerine özboluşly öwüşgin çaýar.
Guramaçylar ildeşlerimizi ýurdumyzyň gözel künjeginde geçiriljek konsertiň myhmany bolup, bu ýerde medeniýetli dynç almaga çagyrýarlar.
Awazanyň jana şypaly howasy, joşgunly owazlar hem-de şadyýan gurşaw kalbyňyzy ýakymly duýgularyň gurşap almagyna täsirini ýetirer. Şonuň üçin hem, ajaýyp agşama gatnaşyň we ýatdan çykmajak pursatlary özüňize sowgat ediň!
Konsert sagat 19:30-da başlanýar.
Giriş tölegsizdir.
