Döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidenti 27-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde eziz enelerimize uly ornuň degişlidigini belledi.

«Olaryň zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýy has-da belende göterilýär. Şoňa görä-de, mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän uludyr» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info