Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň rektorlary täzelendi

MilliInfo
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň rektorlary täzelendi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permanlara gol çekdi: Degişli resminamalara laýyklykda:

Aknabat Orazmyradowna Atabaýewa, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

***

Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýew Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory wezipesine bellenilip, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

***

Arslan Öwezdurdyýewiç Gurbannazarow Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellenildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info