Dünýäniň birinji raketkasy Karlos Alkaras şahsy brendlerini we logotipini döretdi

MilliInfo

28 Noýabr, 2025

Dünýäniň birinji raketkasy Karlos Alkarasyň Ýewropa Bileleşiginde üç sany şahsy söwda markasyny bellige aldyrandygyny «Eurosport» habar berýär. «Carlos Alcaraz», «Fundación Carlos Alcaraz Garfia», «Fundación Alcaraz» diýen atlar bilen bellige alnan brendler egin-eşik, aýakgap, kanselýar harytlary, bezeg önümleri, sport enjamlary, oýunlar hem-de fiziki işjeňlik bilen bagly hyzmatlar ýaly dürli derejeleri öz içine alýar.

Mundan başga-da, 22 ýaşly Alkaras meýdanyň toruň ýanyndaky böleginden uran urgusynyň suratyna meňzeş şekili hem söwda belligi hökmünde hasaba aldyrdy — bu ispan tennisçisiniň täze şahsy logotipi hökmünde kabul edilýär. Görnüşi ýaly, Karlos öz keşbinden hem iň ýokary derejede peýda gazanmagy meýilleşdirýär. Ol ozal şu ýoldan geçen rowaýaty tennisçileriň — Rojer Federeriň, Rafael Nadalyň we Nowak Jokowiçiň ädimlerini gaýtalamak isleýär.

«Forbes» žurnalynda bellenilişi ýaly, Alkarasyň 2025-nji ýylyň awgustyna çenli 12 aýyň dowamyndaky girdejisi, takmynan 48,3 million dollara deň bolup, şonuň 13,3 million dollary ýaryşlardan, 35 million dollary bolsa mahabat şertnamalaryndan alnandyr.

Häzir tennis möwsümi tamamlandy. Alkaras Ýannik Sinnerden üstün çykyp, ATP-niň reýtinginde ýylyň jemleri boýunça liderligi saklamagy başardy. Ol bir ýylda sekiz sany titul gazandy, şolaryň hataryna iki sany «Uly tuwulga» («Rolan Garros» we «US Open») hem girýär. Şeýle hem üç sany «Masters» (Monte-Karlo, Rim, Sinssinnati) we Rotterdamdaky, Londondaky hem-de Tokiodaky ýeňişleri degişlidir.

Bellenilip geçilmeli zatlaryň biri hem, Karlosyň «Nike» (egin-eşik), «Rolex» (kaşaň sagatlar), «Babolat» (tennis raketkalary), «Louis Vuitton» (kaşaň önümler) we «BMW» (awtoulaglar) ýaly iri brendler bilen köp sanly mahabat şertnamalarynyň bolmagydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo