Garaşylmadyk çözgüt: Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras ýedi ýyllyk hyzmatdaşlykdan soň tälimçisini çalyşdy

MilliInfo

11 sagat öň

Dünýäniň birinji belgili tennisçisi, «Uly tuwulga» (Grand Slam) ýaryşlarynyň alty gezek ýeňijisi Karlos Alkaras ýedi ýyllyk bilelikdäki türgenleşiklerinden soň tälimçisi Huan Karlos Ferrero bilen hyzmatdaşlygyny tamamlady. Tennisçi bu barada özüniň Instagram sahypasynda habar berdi.

«Bu habary ýazmak maňa örän kyn düşýär... Ýedi ýyldan gowrak bilelikdäki işimizden soň, biz Huan Karlos bilen tälimçi we oýunçy hökmündäki hyzmatdaşlyk döwrümizi jemlemek kararyna geldik. Çagalyk arzuwlarymy hakykata öwreniň üçin sag bol!» — diýip, Alkaras beýan etdi.

22 ýaşly tennisçiniň sözlerine görä, birek-birekden daşlaşmak olaryň bilelikdäki üstünlikleriniň iň ýokary derejesine ýeten wagtynda bolup geçýär. Ol indi taraplaryň ikisi üçin hem täze başdangeçirmeleriň wagtynyň gelendigini nygtady.

«Biz «çür depä» çykmagy başardyk we meniň pikirimçe, eger-de biziň sport ýollarymyz haçan hem bolsa bir wagt aýrylmaly bolsa, onda bu hut şu nokatda bolmalydy» — diýip, tennisçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Alkaras Ferreronyň ýolbaşçylygynda «Uly tuwulga» ýaryşlarynda alty gezek ýeňiş gazandy: ol iki gezek «Roland Garros» (2024, 2025), «Uimbldon» (2023, 2024) we «US Open» (2022, 2025) ýaryşlarynyň ýeňijisi boldy. Şeýle hem ispan türgeni tälimçisiniň gol astynda Parižde geçirilen 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýekelikdäki bäsleşiginde kümüş medala mynasyp boldy.

Ispaniýanyň «Marca» neşiriniň maglumatlaryna görä, Alkarasyň täze baş tälimçisi Samuel Lopes bolar. Ol öň tennisçiniň ştabynda ikinji tälimçi bolup işläpdi we onuň taýýarlyk ulgamy bilen gowy tanyş.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info