«Realyň» täze möwsümindäki ilkinji oýny: başlanýan wagty we görkeziljek teleýaýlymlar

MilliInfo

21 Awgust, 2026

«Realyň» täze möwsümindäki ilkinji oýny: başlanýan wagty we görkeziljek teleýaýlymlar

«Real Madrid» resmi duşuşyklara dolanyp gelýär! 22-nji awgustdan 23-ne geçilýän gije Žoze Mourinýonyň topary täze «La Liga» möwsümine «Espanýola» garşy myhmançylykdaky oýun bilen başlaýar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 00:30-da başlar.

Bu, Žoze Mourinýonyň «Real Madridiň» baş tälimçisi wezipesine dolanandan soňky ilkinji resmi oýny bolar. Portugalýaly hünärmen madrid kluby bilen 2029-njy ýylyň iýunyna çenli şertnama gol çekdi.

 Janköýerleri gyzyklandyrýan esasy zat — täzelenen «Realyň» nähili görnüşde meýdança çykjakdygydyr. Tomusda klub düzümini düýpli güýçlendi. Täze transferlaryň arasynda Ibraima Konate, Mark Kukurelýa, Denzel Dumfris, Bernardu Silwa, Ýan Diomande we Karlos Espi bar.

Täze oýunçylaryň käbirleri eýýäm möwsüm öňüsi ýoldaşlyk duşuşyklarynda tejribe toplap ýetişdiler. «Şalke» bilen geçirilen iň soňky ýoldaşlyk oýnunda Mourinýo Konateni başlangyç düzümde meýdança goýdy, Diomande bolsa oýuna ätiýaçlykda başlady. Bu duşuşyk «Realyň» 3:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Indi esasy sorag — täze futbolçylaryň haýsysyny resmi oýnuň ilkinji minutlaryndan meýdançada giriziler?

Şol bir wagtyň özünde, «Realyň» esasy ýyldyzlary hem toparda galýar. Kilian Mbappe, Winisius Žunior we Jud Bellingem täze möwsümde madridlileriň esasy güýji bolmaly.

Mourinýonyň özi çempionatyň başlamagynyň öňüsyrasynda öňdebaryjy oýunçylaryň arasynda dogry deňagramlylygy tapmakçydygyny we topary diňe bir futbolçynyň töwereginde oýuny gurmajakdygyny belledi.

Möwsümiň başlangyjy «Real» üçin aňsat bolmaz: «Espanýol» eýýäm birinji tapgyry geçirip, «Lewanteni» 3:0 hasabynda ynamly ýeňmegi başardy. Şonuň üçin madridlilere täze çempionatda eýýäm ýeňşiň tagamyny dadan garşydaş bilen garaşýar. Ýeri gelende bellesek, birinji tapgyryň oýunlary «Real» we «Barselona» toparlary üçin wagty süýşirildi, sebäbi futbolçylaryň aglaba bölegi Dünýä çempionatyna gatnaşandygy üçin.

 Oýuny haýsy ýaýlymlarda görmeli?

«Espanýol» — «Real» duşuşygy göni ýaýlymda «Matç TW» we «Idman TV» görkezer. Başlanýan wagty 00:30-da.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info