50 ýyldan soň Aýa uçuş: eksklýuziw suratlar

MilliInfo

59 minut öň

Soňky 50 ýylyň dowamynda adamlaryň gatnaşmagynda Aýa tarap amala aşyrylýan ilkinji uçuşyň barşynda «Artemis II» missiýasynyň dört astronawty Aýyň daşyndan aýlanyp geçdiler. Olar ýarym asyrdan gowrak wagtdan bäri hiç bir ynsanyň başarmadyk işini bitirdiler: Ýer şarynyň Aýyň gözýetiminden (gorizontyndan) ýaşyşyny, bir sagada golaý dowam eden Gün tutulmasy pursatyndaky Gün täjini we Aýyň arka tarapynyň öň görülmedik derejedäki takyk şekillerini surata düşürdiler.

Bu suratlar diňe bir täsirli pursatlar bolman, eýsem, Ýer şaryndan rekord derejedäki uzaklykda ýygnalan gymmatly ylmy maglumatlardyr.

«Orion» kosmos gämisiniň penjiresinden Aýyň görnüşi

Suratlarda Günüň täji — ýagny Günüň adaty ýagdaýda öz güýçli şöhleleri bilen görünmeýän daşky atmosferasy açyk-aýdyň görünýär. Şeýle-de, kadrlarda adaty wagtlarda juda öçügsi görünýän ýyldyzlar hem-de doly Gün tutulmasy pursady şekillendirilipdir.

Aşaky suratyň çep tarapyndaky parlaýan kümüşsöw nokat bolsa Wenera planetasydyr.

Aýyň arka tarapy: Kraterleriň we relýefiň ýakyndan görnüşi

Belläp geçsek, «Artemis II» ekipažynyň missiýasy 1-nji aprelde başlanypdy. Missiýa 10-njy aprelden 11-nji aprele geçilýän gije Kaliforniýanyň (ABŞ) kenarýakalarynda, Ýuwaş ummanyna gonmak bilen tamamlanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info