«Perwana Optika» moda bilen saglygy utgaşdyrýar: äýnek linzalarynyň döwrebap nusgalary bilen gaýybana tanyşlyk

MilliInfo

Bu gün äýnekleriň ulanylyş çygrynyň diňe ultramelewşe şöhlelerinden goraýan serişde bolmakdan has giňändigini bellemek gerek. Şeýlelikde, häzirki wagtda olar saglygy goramagy, görüşi düzetmegi we şahsy imijiňi özünde jemleýän ýokary tehnologiýaly aksessuardyr. «Perwana Optikanyň» hünärmenleri rahatlyga we estetika ýokary baha berýän müşderileriň haýsy linzalary saýlaýandygy barada gürrüň berdiler.

Döwrebap optika äynekleri islendik durmuş ýörelgesine we howa şertlerine uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýän möhüm ugurlaryň üçüsini hödürleýär:

1. Polýarlaşdyrylan linzalar: ajaýyp anyklyk hem aýdyňlyk
Çal, goňur we ýaşyl öwüşginlerdäki üýtgewsiz klassika. «Perwana Optika» tarapyndan hödürlenýän linzalaryň esasy aýratynlygy onuň dürli ýalpyldylary, şöhlelenmeleri we serpikmeleri netijeli ýok etmegi bilen baglydyr. Munuň özi sürüjiler we işjeň dynç almagy söýýänler üçin tapylgysyz çözgütdir. Çünki Günüň şöhlesiniň iň ýiti günlerinde-de jimke-jik we rahat görüşi üpjün edýär.

2. Reňklenen (tonirlenen) linzalar: keýpiňiziň reňk öwüşginleri
Öz keşbinde aýdyň öwüşginleri gözleýänler üçin iň amatly görnüş. Reňkler gammasyna sary, gök, gülgüne-gyzyl, melewşe we beýleki öwüşginler degişlidir. Şeýle linzalar adamyň keşbine özboluşlylyk çaýýar, reňkleriň berlişini ýumşadýar we äýnegiň eýesiniň häsiýetini tassyklaýar.

3. Aýna öwüşgini: döwrebap nepislik
Futuristik öwüşginli dinamik obraz. Gyzyl, mawy, gülgüne ýa-da ýaşyl reňkdäki aýna öwüşginli linzalar diňe bir artykmaç şöhläni serpikdirmek bilen çäklenmän, eýsem, keşbiňize döwrebap batyrgaýlyk we lowurdy berýär.

Üýtgewsiz rahatlyk: dioptriýa boýunça şahsy sargyt
«Perwana Optika» tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň esasy artykmaçlygy modany we lukmançylygy birleşdirmek mümkinçiligidir. Indi stil aýratynlygy bilen tapawutlanýan gara äynekler bilen dury hem jikme-jik görüşi üpjün edýän serişdelerden haýsydyr birini saýlamaly bolmaz.

«Hödürlenilýän linzalaryň ähli görnüşlerini siziň dioptriýalaryňyzy (linzanyň optiki güýjüniň ölçeg birligi) hasaba alyp, şahsy ölçeg boýunça taýýarlap bolýar» — diýip, kompaniýanyň hünärmenleri belleýärler.

Linzalaryň ýörite taýýarlanylmagy ultramelewşe (UV) şöhlelerinden maksimal goragy we müşderiniň görüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, äynegiň ýüzde kämil durmagyny kepillendirýär.

«Perwana Optika» — bu siziň gözleriňiziň saglygy üçin stiliň, tehnologiýalaryň we professional çemeleşmäniň sazlaşygydyr.

Telefon: 41-40-42, +99361923882

Instagram: @perwana_optika

Tik Tok: @perwana_optika_tm

Salgysy: A.Nyýazow şaýoly (14-nji tapgyr), «Ýaşyl Ýaýla» binasy

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info