«Perwana Optika» 8-nji mart mynasybetli baýramçylyk arzanladyşlaryny yglan edýär

MilliInfo

«Perwana Optika» Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk arzanladyşyny geçirýär: 7—9-njy mart aralygynda optikada ähli harytlar üçin 10% arzanladyş hereket edýär.

Bu teklip harytlaryň ähli görnüşlerine — lukmançylyk çarçuwalaryna, Günüň şöhlesinden goraýan äýneklere, linzalara we beýleki esbaplara degişlidir. Alyjylar bahar paslyna taýýarlyk görüp, öz äýneklerini täzelemek ýa-da täze döwrebap modelleri has amatly bahadan saýlamak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Kompaniýanyň belleýşi ýaly, arzanladyşlar «ýaşyl ýaşaýşyň» nyşany bolan baharyň gelmegine we gözellik baýramyna bagyşlanyp, özüňizi ýokary hilli optika önümleri bilen begendirmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Mundan başga-da, islendik äýnegi saýlan her bir müşderä döwrebap gap (futlýar) we linzalara ideg etmek üçin ýörite süpürgiç sowgat berler. Bu sowgatlyk toplumy äýnegiňiziň kämil ýagdaýda saklanmagyna ýardam eder we optikanyň müşderiler hakyndaky uly aladasynyň nyşanyna öwrüler.

Arzanladyşlar diňe üç gün — 7-nji, 8-nji we 9-njy martda dowam eder. Giňişleýin maglumatlary «Perwana Optikadan» anyklap bilersiňiz.

Telefon: 41-40-42, +99361923882

Instagram: @perwana_optika

Tik Tok: @perwana_optika_tm

Salgy: A.Nyýazow şaýoly (14-nji tapgyr, «Ýaşyl Ýaýla» jaýy

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info