Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.
Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Watançylyk mazmunly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar konsert çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini şöhratlandyrdy.
Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, çagalar döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi. Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan beýik döwrümiziň gazananlaryny wasp edýän aýdymlar ajaýyp pursatlary bagyşlady.
Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Bedew» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllarynda bedew badynda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Ganatly bedewlerimizi wasp edýän bu aýdymyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Watanymyzyň täze taryhyna ýazylýan ajaýyp wakalaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşmagy has-da täsirli boldy.
Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar ýakymly owazy, çuň manyly sözleri bilen diňleýjileriň ählisiniň kalbyna ornaşyp, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň dowamly bolmagy hem muny aýdyň görkezdi.
Konsert maksatnamasynda ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde söýgi aýdymlaryna, dünýä halklarynyň naýbaşy aýdym-saz eserlerine hem möhüm orun berildi. Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän «Küştdepdi» konsertiň aýratyn bezegine öwrüldi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň döreden bu ajaýyp aýdymy tutuş halkymyzy bedew batly ösüşlere we maksada okgunlylyga ruhlandyrýan özboluşly sena bolup ýaňlandy.
Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi hem-de Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
